Düýn Päkistanyň sudy ýurduň ozalky premýer-ministri Benazir Bhuttonyň öldürilmegi bilen bagly wakada aýyplanýan polisiýanyň öňki iki ofiseriniň tussag edilmelidigi barada karar çykardy.
Jenaýatyň bolan ýeri - Rawalpindi şäheriniň polisiýa edarasynyň başlygy bolup işlän Saud Azize we onuň komekçisine bu iş derňelende geleňsizlige we ýalnyşlyklara ýol berenlikde günä bildirilýär.
Şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň ýörite komissiýasy Benazir Bhuttonyň sapary wagtynda zerur howpsuzlyk çäreleri wagtynda görlen bolsa, bu jenaýatçylygyň öňüni alyp bolardy diýen netijä gelipdi.
Benazir Bhutto 2007-nji ýylyň dekabrynda saýlawlaryň öň ýanyndaky mitingde öldürilipdi. Bu waka onuň köp ýyllyk emigrasiýadan Päkistana dolanyp gelenden birnäçe hepde soň bolupdy.