Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-Liwan serhetlerinde güýçli ýangynlar dowam edýär


Düýn Ysraýyl bilen Liwanyň serhet ýakalarynda dowam edýän ýangynlaryň has ýaýramak howpy sebäpli Beýrutdan 45 kilometr demirgazykda ýerleşýän Liwanyň Fatri obasynyň ýaşaýjylary öýlerini terk edip başladylar.

Betbagtçylygyň bolmagy mümkin ýerine Liwanyň prezidenti Mişel Suleýman hem baryp gördi.

Ysraýyldan tapawutlylykda, Liwanda ýangyn sebäpli adam pidalary bolmady. Ysraýylda bu tebigy betbagtçylykda 40-dan gowrak adam öldi.

Ysraýylyň ýangyň söndürijileri beýleki ýurlardan baran ýangyň söndüriji toparlar bilen bilelikde düýn ýangynyň ýewreý ilatly punktlaryna abandyrýan howpunyň öňüni aldylar.
XS
SM
MD
LG