Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Continental Airlines» amerikan awiakompaniýasy jerime tölemeli


10 ýyl mundan ozal Fransiýanyň “Konkord” uçarynyň heläkçilige uçramagy we onuň içindäki ýolagçylaryň ählisiniň ölümi üçin «Continental Airlines» amerikan awiakompaniýasy günäkär diýip, Fransiýanyň sudy düýn karar çykardy.

Sud amerikan uçaryndan bölünip aýrylan metal böleginiň onuň yzýanyndan uçan “Konkord” uçaryna degip, oňa zeper ýetirendigini we ýangynyň döremegine sebäp bolandygyny öňe sürdi.

2000-nji ýylyň iýulynda Fransiýanyň bu “Konkord” uçary ot alyp, ýere gaçanda, onuň içindäki 109 adam we ýerde-de 4 adam heläk bolupdy.

Pariždäki suduň karary boýunça «Continental Airlines» amerikan awiakompaniýasy «Air France» kompaniýasyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin 200 müň ýewro, moral kompensasiýa görnüşinde hem 1 million ýewro tölemeli.

«Continental Airlines» amerikan awiakompaniýasy fransuz sudunyň bu karary bilen ylalaşmaýandygyny aýdyp, suduň bu kararyna garşy şikaýat etjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG