Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bu ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna garşy çykýar


Düýn Hytaý özüniň Parahatçylyk boýunça baýragynyň gowşurylyş dabarasyny geçirdi.

Hytaý bu çäräni Nobel komitetiniň hytaýly dissident Lia Şiabony Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglamagyna jogap hökmünde amala aşydy.

“Konfusiniň Pahatçylyk baýragy” diýlip atlandyrylan bu baýrak Taýwan bilen Hytaýyň özara parahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda eden tagallarlary üçin Taýwanyň oňki wise-prezidenti Lien Çana berilmeli edildi.

Emma, Lien Çanyň edarasynyň aýtmagyna görä, Lieniň bu baýrak barada hiç hili habary ýok, şeýle-de ol munuň bilen baglylykda Pekine barmaga meýil etmeýär.

Hytaý Nobel komitetiniň Parahatyçlyk boýunça baýragy Liu Şiabo bermek barada kabul eden kararyny gahar bilen kabul edipdi.
XS
SM
MD
LG