Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýyň wekili bilen gepleşik geçirdi


Düýn Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Dai Bingguo Demirgazyk Koreýanyň baştutany Kim Jong Il bilen Phenýanda gepleşik geçirdi.

Gepleşigiň dowamynda Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasynda soňky dörän dartgynly ýagdaýlar barada maslahat edildi.

Hytaýyň ýörite wekili Dai Bingguo we Kim Jong ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we Koreýa ýarym adasyndaky ýagdaýlar barada içgin maslahat edenlerinden soňra, özara ylalaşyga geldiler diýip, Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugy maglumat berýär.

Hytaý Demirgazyk Koreýanyň ýeke-täk möhüm ýaranydyr.

Düýn Birleşen Ştatlaryň Baş ştabynyň komanduýuşisi admiral M.Mullen Demirgazyk Koreýanyň badyny peseltmek üçin ýeterlik tagallany etmeýänlikde Hytaýy aýyplady.
XS
SM
MD
LG