Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda 20 müň adam protest demonstrasiýasyna çykdy


Öten agşam uniwersitetlerde okuw üçin tölegiň ýokarlandyrylmagyna nägilelik bildirýän ýaşlaryň müňlerçesi Londonda protest demonstrasiýasyna çykyp, bulagaýçylyklary döretdiler.

20 müň töweregi studentiň gatnaşmagynda geçirilen demonstrasiýada dürli hili düzgün bozmalar we polisiýa bilen çaknyşyklar ýüze çykdy.

Protestçileriň bir topary Londonyň merkezinde britan tagtynyň mirasdüşeri şazada Çarlzyň we onuň aýalynyň münüp barýan awtomobiline-de hüjüm etdiler. Wakada maşynyň aýnalaryna az-owlak zeper ýetdi. Çarlza we onuň aýalyna hiç hili zeper ýetmedi.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron bu wakany “aňk ediji hem gynandyryjy” diýip atlandyrdy.

Bu protest çykyşlaryna düýn britan parlamentiniň uniwersitetlerde okuw üçin tölegleri üç esse galdyrmak barada kanuny proýekti kabul etmegi sebäp boldy. Bu töleg ozal ýylda 3 müň funt bolan bolsa, indi ol ortaça 9 müň funt (14 müň dollar) töweregi bolar.
XS
SM
MD
LG