Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Brýusselde üns merkezinde


N.Nikolai: “Soňky ýyllarda ÝB öz daşary syýasatynda kän bir pragmatik pozisiýany eýelemedi”
N.Nikolai: “Soňky ýyllarda ÝB öz daşary syýasatynda kän bir pragmatik pozisiýany eýelemedi”

9-njy dekabrda Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Dasary işler boýunça komitetinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bilelesiginiñ arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça ikinji diňlenişik geçirildi.


Ýewropa parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça bu diňlenişikde Rumyniýanyň “Liberal partiýasynyň” agzasy, Türkmenistan bilen gatnaşyklary sazlaşdyryjy wekil Norika Nikolai ýörite doklad bilen çykyş etdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy indi 12 ýyl bäri baglaşylman gelinýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol cekmedik ýeke-täk döwletdir. Bu şertnamany baglaşmak baradaky tagallalar 1998-nji ýylda başlanypdy we häzire çenli hem ony amala aşyrmak başartman gelýär.

Munuň sebäbi nämede?

Bu dokumentiň uzak wagtlap kabul edilmän gelinmeginiň sebäplerini Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça Brýusselde çykyş eden ekspert Norika Nikolai Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle düşündirdi: “Soňky ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşigi öz daşary syýasatynda gaty bir pragmatik pozisiýany eýelemedi. Krizise çenli, esasan hem, energetika krizisine çenli ÝB Merkezi Aziýa kän bir gyzyklanma bildirmedi. Boýun almasy kynrak hem bolsa, ÝB Orsýete garaşly bolandan soň, oýandy. Hut şu sebäpli häzir Ýewropa Bileleşigi pragmatik hereket edip başlady. Hususanda, Kawkaz we Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklarynda bu şeýle”.

Norika Nikolai Ýewropanyň pragmatik pozisiýany eýelemeginiň onuň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna göz ýummaklygyny aňlatmaýandygyny belledi.

Ol bu barada durup geçip, “Pragmatik bolmaklyk ýaşaýşyň modelini eksport etmekde we adamlara hormat goýmakda has köp işleri etmekligi aňladýar. Eger-de biz haýsy-da bolsa bir ýurtda bolmasak ýa-da şol ýurduň graždan jemgyýetçiliginiň degişli guramalary bilen işleşmesek, onda biz bu modeli eksport edip bilmeris. Şeýle gatnaşyklar, alada döredýän hökümetlere basyşlar bilen utgaşdyrylyp, az-azdanam bolsa, olaryň aň-düşünjesine tazir edip biler” diýdi.

Adam hukuklary ýene üns merkezinde

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasynyň kabul edilmän gelinmegine Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenýändigi bilen bagly mesele sebäp bolup durýar. Hususanda, "Human Rights Watch" ýaly adam hukuklary boýunça halkara guramalary we graždan jemgyýetçiligi Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň şertnama baglaşylanda, bu meselä aýratyn üns bermeklerini talap edip gelýärler.

Brýusselde penşenbe güni gecirilen diňlenişikde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy barada 200 sahypadan ybarat tekste we goşmaça dokumentlere garaldy.

Maslahatyň dowamynda şertnamanyň teksti boýunça deputatlar tarapyndan tankydy çykyşlar hem boldy. Dokumentde adam hukuklary meselesiniň has gowşak beýan edilendigi tankyt astyna alyndy.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça Brýusselde çykyş eden ekspert Norika Nikolai bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Dokumentiň tekstini tankyt edenler esasan “Ýaşyllar”, ýagny adam hukuklary boýunça komitete hazirlikçe prezidentlik edýän topar, Ýewropa parlamentiniň beýleki toparlary häzirki ýagdaýda syýasy çözgüdiň has zerurdygyna gaty gowy düşünýärler. Şol sebäpden hem, biz ýurduň içinde Türkmenistanda bolmaly”.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça nobatdaky diňlenişik 2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-syna Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetinde geçiriler. Bu diňlenişikde dokumentiň makullanmagyna garaşylýar. Şertnama gol goýmak meselesine bolsa, 2011-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa parlamentiniň plenar ýygnagynda garalar.
XS
SM
MD
LG