Meksikanyň Kankun şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň klimatyň özgermegi boýunça geçirýän gepleşiklerinde öňegidişligiň gazanylandygy habar berilýär.
Maglumata görä, dünýäniň 190 döwletiniň ministleri ösýän ýurtlara klimatyň üýtgemegi bilen bagly kynçylyklara garşy göreşmek üçin ýardam berilmegi barada ylalaşyga gelipdirler.
Mundan başga-da, bu maslahatda halkara klimat fonduny döretmek boýunça-da öňegidişligiň gazanylandygy habar berilýär.
Geçen ýyl BMG-niň klimat boýunça sammiti Kopengagenda geçirlipdi.