ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama düýn eden çykyşynda Owganystandaky uruş gaty kyn synag bolmagynda galýar, ýöne Birleşen Ştatlar öz tutan maksadyna etmek ýolunda diýdi.
Obama ABŞ-nyň öz goşunlarynyň käbir böleklerini 2011-nji ýylyň iýulyndan Owganystandan çykaryp başlajagyny aýtdy. Amerikan prezidenti bu sözleri owgan urşundaky progres baradaky hökümet synynyň çap edilmegi mynasybetli çykyşynda dile getirdi.
Ol Birleşen Ştatlar “Al-Kaýda” terror guramasyny dargytmakda saldamly ösüş gazandy, ýöne ony ýeňmek üçin wagt gerek diýdi.