Yragyň öňki premýer-ministri Iýýad Allawynyň aýtmagyna görä, ol häzirki premeýr-ministr Nuri al-Mälikiniň täze Ministrler Kabinetine girmegi mümkin.
Emma, ol Nuri al-Mälikini täze hökümetde wezipeleri adalatly paýlamak baradaky wadasyna eýermäge çagyrdy.
Iýýad Allawynyň “Yrakýa” koalisýasyna goşulmagynyň ýurtdaky gandöküşikli uruş bilen bagly aladalary azaltmaga we 2011-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-nyň goşunlaryny Yrakdan çykarmagyna hem oňyn täsir etmegi mümkin diýlip hasaplanylýar.
Düýn Yragyň goşuny demirgazykdaky Mosul şäherinde köpçülikleýin jaýlananlary tapdy. Çaklamalara görä, bu 11 adamyň 2005-nji ýylda öldürilen bolmagy ahmal .
Ýerli polisiň kapitany Ali Hodryň sözlerine görä, bu jesetler Bagdatdan demirgazygyga 350 kilometr uzaklykdaky etrapdan tapylypdyr.
2005 nji ýylda Mosula gozgalaňçylar kontrollyk edipdi. Olar ABŞ-nyň güýçleri bilen işleşýän polisi, esgerleri we ýönekeý raýatlary öldürmek boýunça iş alyp barypdylar.