Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleksandr Lukaşenko dördünji möhlete prezident saýlandy


Belarus häkimýetleri Aleksandr Lukaşenkonyň dördünji möhlete täzeden prezident saýlandygyny yglan etdiler.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Lidiýa Ýermoşina hasaba alnan ses bermäge hukugy bolan adamlaryň 90 prosentiniň saýlawlara gatnaşandygyny aýtdy.

"5 million 122 müň 866 adam, ýagny, ses berenleriň 79.67 prosenti Aleksandr Lukanşenko üçin ses berdi” diýip, Lidiýa Ýermoşina şu gün irden çykyşynda mälim etdi.

Minskiň “Oktýabr” meýdançasynda düýn giçlik onlarça müň adam protest geçirdi. Protestçiler Aleksandr Lukaşenkonyň täzeden prezident saýlanmagyna närazylyk bildirdiler.

Oppozisiýa wekilleriniň aýtmagyna görä, bu protestden soňra Lukaşenko bilen bäsleşen 9 kandidatyň 7-si polisiýa tarapyndan tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG