Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz ministri Eýranyň häkimiýetlerini ýazgardy


Şu gün Fransiýanyň medeniýet ministri Frederik Mitterrand eýranly kino režisýory, oppozisiýany goldaýjy Jafar Panahiniň türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy.

Jafar Panahi Eýrandaky dolandyryjy režime garşy iş alyp barmakda aýyplanyp, 6 ýyl türme tussaglygyna we 20 ýyl kino döretmek ýa-da daşary ýurtlara gitmek gadaganlygyna höküm edildi.

Fransiýanyň ministri Eýranyň bu hereketini Panahiniň söz azatlygyna edilen “kabul edip bolmajak hüjüm” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de, ol Panahiniň azat edilmegi üçin çagyryş etdi.

Jafar Panahi köpsanly halkara baýraklarynyň eýesidir. Ol 2009-njy ýylda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawini goldapdy.
XS
SM
MD
LG