Türkmenistanyň hökümetiniň MTS mobil operatorynyň iş lisenziýasynyň möhletini bir aý togtatmagy bilen baglanyşykly şu gün MTS kompaniýasy Moskwada ýörite metbugat konferensiýasyny geçirdi.
Bu metbugat konferensiýasyna Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy hem gatnaşdy.
Bu wakanyň öňýany MTS kompaniýasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini Halkara arbitraž suduna berýändigini mälim edip, resmi beýanat hem ýaýratdy.
“Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi üçtaraplaýyn şertnamanyň birnäçe düzgünlerini bozandygy üçin MTS kompaniýasy Halkara söwda palatasynyň ýanyndaky Halkara arbitraž suduna ýüz tutdy” diýlip, sol beýanatda bellenilýär.
Türkmenistanyň hökümeti MTS mobil operatorynyň iş lisenziýasynyň möhletini bir aý togtatmagy netijesinde, düýn MTS-iň Türkmenistanyň çägindäki aragatnaşyk hyzmatlary bes edilipdi.
“The Mosсow Times” gazeti hem şu gün “MTS-iň Türkmenistandaky kynçylyklaryndan Orsýetiň hökümetiniň hem habarynyň bardygyny we hökümetiň bu meselede MTS kompaniýasynyň arkasynda durjakdygyny Orsetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň metbugat wekili habar berdi” diýip, ýazýar.