Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak barada pikir edilýär


Düýn Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy prezident Nursultan Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak ugrunda tagalla edýän inisatiw toparyň teklibini kabul etdi.

Şu aýyň başynda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň prezidentligini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak barada milli referendum geçirmek talabyny öňe sürýän inisatiw topar döredilipdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, munuň bilen baglylykda 200 müň sany gol ýygnalandan soňra, referendum geçirip-geçirmezlik kararyny prezidentiň özi kesgitlär.

Prezident Nazarbaýewiň häzirki prezidentlik möhleti 2012-nji ýylda tamamlanýar.

Nazarbaýew Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri prezident we ol şu döwürde iki gezek gaýtadan saýlandy, bir gezek bolsa onuň prezidentlik möhleti referendum arkaly uzaldyldy.
XS
SM
MD
LG