Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýyldan Azerbaýjan Belarusa nebit eksport eder


Düýn Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” energiýa kompaniýasy bilen Wenesuelanyň arasynda nebit söwdasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.

Bu ylalaşyga görä, 2011-nji ýyldan başlap Azerbaýjan Wenesuelanyň hasabyna her ýyl 5 million tonna suwuklandyrylan nebiti Belarusa eksport eder. Onuň deregine bolsa, Wenesuela Azerbaýjanyň hasabyna her ýyl ABŞ-a 5 million tonna nebit eksport eder.

“SOCAR” energiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownak Abdyllaýewiň aýtmagyna görä, bu nebit Ukraina iberilip, şol ýerden hem Odessa-Brody nebit turbasy arkaly Belarusa akdyrylar.

Wenesuelanyň prezidenti Hogo Çawez oktýabr aýynda Minske eden saparynda 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Belarusa 30 million tonna nebit eksport ediljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG