Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içalyçylykda aýyplanýan eýranly raýat asylyp öldürildi


Eýranda Ysraýylyň gizlin gullugy Mossadyň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplanan adam asmak jezasy arkaly öldürildi diýlip, düýn habar berildi.

Eýranyň habar gulluklarynyň berýan maglumatlaryna görä, içalyçylykda aýyplanan Ali Akbar Siadat 2004-nji ýyldan bäi Mossad gullugy bilen aragatnaşyk saklap gelipdir. Şeýle-de, gizlin harby maglumatlary berendigi üçin, onuň Ysraýylyň agentlerinden 60 müň dollar möçberinde pul alandygy aýdylýar.

Ali Akbar Siadat we onuň aýaly iki ýyl mundan owal Eýrany terk edip gitjek bolan wagtlary tussag edilipdiler.

“IRNA” habar gullugynyň maglumatlaryna laýyklykda, Ali Akbar Siadat bilen birlikde Eýranyň ýene bir raýaty Ali Saremi hem jezalandyrmak arkaly öldürilipdir. Ol “Mujahideen Halk” atly oppozisiýa topary bilen ilteşiginiň barlygynda aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG