Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şwarsnegger Kaliforniýanyň gubernatory wezipesinden gidýär


Duşenbe güni belli sportsmen we artist Arnold Şwarsnegger Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory wezipesinden gidýär. Ol Kaliforniýa ýedi ýyl çemesi gubernatorlyk etdi.

Şwarsnegger Respublikan partiýasyndan bolup, ol Kaliforniýanyň gubernatorlygyna 2003-nji ýylda saýlanypdy we 2006-njy ýylda onuň wezipesi ikinji möhlete uzaldylypdy.

Arnold Şwarsnegger Kaliforniýa ştatynyň gubernatorlygyna geçende, ol Kaliforniýanyň ykdysady ýagdaýyny düzeltmegi söz beripdi.

Emma, käbir tankytçylaryň aýtmagyna görä, häzir Kaliforniýanyň ykdysady ýagdaýy öňküsinden hem ýaramazlaşypdyr.

63 ýaşly Arnold Şwarsnegger özüniň indiki planlary barada anyk hiç zat aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG