Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde barlag çäreleri geçirilen wagty üç polisiýa işgärini atyp öldürenlikde şübhe edilýän şahslaryň ikisi çarşenbe güni geçirilen operasiýada öldürildi.
Ýurduň içeri işler ministri Zarylbek Rysaliew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu wakalar barada şeýle gürrüň berdi: "Ikitaraplaýyn söweş bir ýarym sagatlap dowam etdi. Olar ýeňil we agyr ýaraglar bilen ot açdylar. Bu atyşykda bir ofiserimiz ýaralandy we ol keselhanada jan berdi. Mundan başga-da, üç hüjümçiniň ikisi öldürildi, bir hüjümçini diriligine ele salmagy başardyk”.
Sişenbe güni Bişkekdäki bir myhmanhana ýerleşen adamlaryň dokument barlagy geçirilýän wagty polisiýa işgärlerine Kalaşnikow awtomaty bilen ot açylypdy.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!