Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk uçarynda haýbat atan adamda psihiki näsazlyk bar eken


Çarşenbe güni Oslodan Stambula uçup barýan uçarda bomba partlatmak haýbatyny atan ýolagçyda psihiki näsazlygyň bardygy anyklandy diýip, Türkiýäniň mediasy habar berýär.

Ady Ýasar Kuma diýlip tutulan bu adam çarşenbe güni agşam “Türk howa ýollaryna” degişli uçarda bomba partlatmak haýbatyny atyp, uçaryň Oslo tarap yza dolanmagyny talap edipdir.

Ýöne ol pilotlaryň kabinasyna tarap geçmekçi bolanda, onuň ýolagçylar tarapyndan saklanyp, zyýansyzlandyrylandygy habar berilýär.

Ýolagçynyň döreden başagaýlygyna garamazdan, uçar hiç hili howpsuz-hatarsyz Stambulyň aeroportyna gondy. Ol adam şol ýerde polisiýa tarapyndan tussag edildi.
XS
SM
MD
LG