Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “Wikileaks dokumentlerindäki çeşmelerden ar alynmaly däl”


ABŞ-nyň Döwlet departamenti daşary ýurt hökümetleriniň amerikan diplomatlarynyň “Wikileaks” tarapyndan üsti açylan hatlary sebäpli amerikan resmileri bilen iş salyşýan hukuk aktiwistlerinden, žurnalistlerden we beýlekilerden ar alynmaly däldigini duýdurdy.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krowliý anna güni käbir hökümetlere, eger diplomatlaryň hatlarynda agzalýan çeşmelere garşy çäre görseler, munuň olaryň ABŞ bilen gatnaşyklaryna zyýan berjeginiň duýdurylandygyny aýtdy.

Krowliý “Wikileaks” saýtynyň paş etmeleri zerarly dünýä boýunça birnäçe ýüz adamyň potensial töwekgellige salnandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG