Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosnýa-Gersogowinada bölünişik howpy bar


Bosnýa-Gersogowinanyň düzümindäki Serbiýa Respublikasynyň prezidenti Milorad Dodik ýurduň pagyş-para bolup barýandygyny öňe sürdi.

Dodik ýakynda beren interwýularynyň birinde Bosnýa-Gersogowinanyň geljegi barasynda ýerli syýasatçylaryň umumy dil tapyp bilmeýändigi üçin şeýle ýagdaýyň dörändigini aýtdy.

1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda bolan Bosnýa urşundan soň iki subýektden – Serbiýa Respublikasyndan we Musulman-Horwat Federasiýasyndan ybarat konfederatiw döwlet döredilipdi.

Dodik mundan öňem Bosnýa-Gersogowinany gep-gürrüňsiz bölünen ýurt diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG