Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky uçar heläkçiligi hemmetaraplaýyn derňeler


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad “Iran Air” döwlet kompaniýasyna degişli ýolagçy uçarynyň betbagtçylyga uçramagynyň sebäplerini hemmetaraplaýyn derňemäge görkezme berdi.

Tährandan Urmiýa şäherine barýan "Boeing –727" uçary bazar güni agşam güýçli gar hem ümür şertlerinde gonmak üçin aşak inende betbagçylyga uçrady. Ýaramaz howa şertleriniň bu waka sebäp bolan bolmagy mümkin.

Uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 77 adam heläk boldy, onlarça adam keselhana ýerleşdirildi. Uçarda 105 ýolagçy hem ekipaž agzalary bardy.

Ençeme çeşmeleriň bellemegine görä, Eýranda köp uçarlar uzak wagtyň dowamynda ulanylýar we olara edilýän tehniki gözegçilik zerur talaplary ödemeýär.
XS
SM
MD
LG