Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisdäki manifestasiýalarda adam pidalary bar


Sişenbe güni Tunisiň ençeme şäherinde soňky üç günde bolup geçen manifestantlaryň ölümine garşy protest aksiýalary bolup, olary polisiýa dargatdy.

Polisiýa bilen çaknyşyklarda 20 adamyň ölendigini häkimiýetler habar berdi. Ýöne beýleki çeşmeleriň maglumatyna görä, pidalar iki esse köp.

Geçen aý Tunisde 26 ýaşly ýokary mekdebi tamamlan oglanyň işe ýerleşip bilmän, özüni otlamagy sebäpli protest aksiýalary tutaşdy.

ABŞ Tunisiň häkimiýetleriniň hereketlerine alada bildirdi. BMG, ÝB bu afrika ýurdunyň ýolbaşçylaryny sowukganlylyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG