Sişenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu gepleşikler geçirmek islemezlikde we ýaraşyk bilen gyzyklanmazlykda palestin tarapyny aýyplady.
Ierusalimde daşary ýurt žurnalistleri bilen duşuşygynda Netanýahu: “Gepleşiklerden gaçmak üçin palestinler elde baryny edýärler” diýdi.
Ysraýyl bilen Palestin awtonomiýasynyň arasynda göni gepleşikler sentýabr aýynda başlanypdy. Iordan derýasynyň Günbatar kenarynda Ysraýylyň ýaşaýyş jaýlaryny gurup başlany sebäpli üç hepdeden soň şol gepleşikler ýatyp galdy.
Palestin tarapy Ysraýylyň gurluşyk işlerini ýatyrmagyny gepleşikleriň esasy şerti atlandyrýarlar.