Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Göze ilýän ösüş ýok»


T.Begmedowa soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hereketlerinde käbir oňyn tendensiýalaryň hem bardygyny belleýär.
T.Begmedowa soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hereketlerinde käbir oňyn tendensiýalaryň hem bardygyny belleýär.
Penşenbe güni “Freedom House” (Azatlyk öýi) guramasy dünýä ýurtlaryndaky syýasy hukuklaryň we graždan azatlyklarynyň ýagdaýyna syn berip, ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “Freedom House” guramasy 2010-njy ýyl boýunça taýýarlanan bu hasabatdaky görkezijileriň soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň ýaramaz görkezijilerdigini aýdýar.

Hususan-da, bu hasabatda “Azat” diýlip baha berlen ýurtlaryň sanynyň soňky bäş ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetendigi aýdylýar.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar bölüminiň direktory Kristofor Wolker öz barlaglarynda örän berk awtoritarizme tarap ýykgyn edýän köpsanly alamatlara şaýat bolandyklaryny aýdýar.

“Şeýle tendensiýa aýratynam ozalky Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda aýdyň göze ildi. Regionlar boýunça alnanda-da, bu ýurtlaryň görkezijileri iň bir ýaramazlaryň biri boldy. Biziň ýüze çykaran alamatlarymyzdan birem hut şu boldy” diýip, Wolker belleýär.

Anyk görkezijiler

“Freedom House” guramasy şeýle ýyllyk hasabatlary indi 1972-nji ýyldan bäri her ýyl taýýarlap gelýär we onda dünýä ýurtlaryndaky syýasy hukuklaryň hem-de graždan azatlyklarynyň ýagdaýyna “Azat”, “Bölekleýin azat” we “Azat däl” diýen kategoriýalar boýunça baha berilýär.

Dünýäniň 194 ýurdundaky ýagdaýlara syn berlip taýýarlanan bu ýylky hasabatda “Azat” diýlip baha berlen ýurtlaryň sany geçen ýylkydan hem 2 san azalypdyr, ýagny, geçen ýyl “Azat” ýurtlaryň sany 89 bolan bolsa, bu ýyl olaryň sany 87-ä düşüpdir.

Muňa derek, “Bölekleýin azat” diýen kategoriýa degişli ýurtlaryň sany ozalky “Azat” kategoriýadaky iki ýurduň gelip goşulmagy netijesinde artypdyr. Ýagny, bu ýyl “Bölekleýin azat” diýen kategoriýadaky ýurtlaryň jemi sany 60-a deň.

“Azat” kategoriýasyndan “Bolekleýin azat” diýen kategoriýa düşen bu iki ýurt Ukraina bilen Meksikadyr. Ukraina berlen bahanyň peselmegine geçen ýylyň başynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň bu ýurtda metbugat azatlygynyň ýaramazlaşmagy, saýlawlarda galplyklaryň artmagy we kanun goraýjy sistemanyň has syýasylaşdyrylmagy ýaly ýagdaýlaryň sebäp bolandygy aýdylýar.

“Freedom House” guramasynyň bu gezekki ýyllyk hasabatynda “Azat däl” diýen kategoriýadaky ýurtlaryň sany edil geçen ýyldakysy ýaly 47 bolmagynda galdy.

Dünýädäki regionlar boýunça alnanda, “Freedom House” guramasy 2010-njy ýylyň dowamynda Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regionlarynyň syýasy hukuklaryň hem-de graždan azatlyklarynyň iň bir çäklendirilýän regionlary bolandyklaryny belleýär.

Türkmenistan - “ýaramazlaryň ýaramazy”


Soňky ýyllarda bolşy ýaly, bu gezek hem Türkmenistan syýasy hukuklar we graždan azatlyklary babatda “Freedom House” guramasynyň hasabatynda “Azat däl” diýen ýurtlaryň arasynda-da “Ýaramazlaryň ýaramazy” diýen kategoriýa girizilipdir.

Bu iň ýaramaz ýurtlaryň toparyna bolsa, dünýäniň dokuz döwleti hem-de bir territoriýa girýär. Olar: Birma, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Liwiýa, Demirgazyk Koreýa, Somaliýa, Sudan, Tibet, Özbegistan we Türkmenistan.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar bölüminiň direktory Kristofor Wolker
“Freedom House” guramasynyň barlaglar bölüminiň direktory Kristofor Wolker Türkmenistanyň bu ýyl hem “Ýaramazlaryň ýaramazy” diýen kategoriýada galmagynyň sebäbini ýurtda syýasy hukuklar we graždan azatlyklary babatda göze ilerlikli öňe gidişligiň ýokdugy bilen düşündirdi.

“Diňe bir ozalky Sowet ýurtlarynyň hatarynda däl, eýsem tutuş dünýä boýunça iň bir ýaramaz ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň görkezijileri tankydy garaýyşlara ýa-da oppozisiýanyň pikirine ýa-da graždan jemgyýeti guramalaryna hiç hili ýol bermeýän ýurduň nähili ýurtdugyna aýdyň mysal bolup durýar” diýip, Wolker aýdýar.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar bölüminiň direktory Kristofor Wolkeriň aýtmagyna görä, şu ugurdaky görkezijiler hem-de soňky döwürde ýurtda göze ilerlikli hereketiň bolmazlygy hem Türkmenistanyň iň bir pes görkezijili kategoriýada galmagyna sebäp bolupdyr.

Oňyn tarapy barmy?

Kristofor Wolkeriň bu pikiri bilen düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki Fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa hem ylalaşýar.

Ýöne, şeýle-de bolsa, T.Begmedowa soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hereketlerinde käbir oňyn tendensiýalaryň hem bardygyny belleýär: «Mundan ozallar türkmen resmileri beýle kemçilikleriň ýokdugyny aýdyp, ýer depip duran bolsalar, soňky wagtlar olar kemçilikleriň düzediljekdigini aýdyp, birgiden wadalary bermeklige ýykgyn edýärler. Emma berýän wadalarynda durmaýarlar».

Beýleki tarapdan, “Freedom House” guramasynyň hasabaty ýaly ýylyň-ýylyna ýaýradylýan şuňa meňzeş hasabatlaryň göze ilerlikli netije bermeýändigini aýdýan we bu ýagdaýa tankydy garaýyş bilen garaýan synçylar hem ýok däl.

Emma “Freedom House” guramasynyň barlaglar bölüminiň direktory Kristofor Wolker şeýle hasabatlara hatda awtoritar režimleriň özleri ähmiýet bermeseler-de, bu ýurtlar bilen gepleşiklerde we gatnaşyklarda köp halkara guramalarynyňdyr daşary ýurt hökümetleriniň bu hasabatlardaky aýdylýanlary göz öňünde tutýandyklaryny aýdýar.
XS
SM
MD
LG