Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Arizona ştatynda dokuz ýaşly gyzjagaz jaýlandy


ABŞ-nyň Arizona ştatynda dokuz ýaşly gyzjagaz jaýlandy. Ol geçen hedäniň şenbe güni amerikan Kongresiniň agzasy Gabriel Giffordsyň saýlawçylar bilen duşuşyk geçirip duran wagty jenaýatçy köpçüligi oka tutanda heläk bolupdy.

Kristina Teýlor Grin jenaýatçynyň ilkinji pidasy boldy. Ol ýene bäş adamy öldürip, 14-sini ýaralady.

Jaýlanyş çäresi Tuson şäherinde boldy.

Oka tutan 22 ýaşly erkek adam tussag edildi. Oňa adam öldürmekde günä bildirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG