Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri ylalaşygy ÝB-niň gaz planlaryny janlandyrýar


Uzynlygy 3,300 kilometr töweregi boljak "Nabukko" gaz geçirijisi Ýewropanyň energiýa meselesinde Orsýete bolan garaşlylygyny azaltmaklygy maksat edinýär.
Uzynlygy 3,300 kilometr töweregi boljak "Nabukko" gaz geçirijisi Ýewropanyň energiýa meselesinde Orsýete bolan garaşlylygyny azaltmaklygy maksat edinýär.
Penşenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosonyň Bakuwa saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjan tebigy gaz söwdasy barada uzak garaşdyran ylalaşyga gol çekdiler.

Bakuda gol çekilen bu ylalaşyk Ýewropa Bileleşiginiň energiýa üpjünçilik planlaryna uly itergi berer diýlip hasaplanylýar.

Gol çekilen bu ylalaşyga görä, Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigine “uzak möhletiň dowamynda köp möçberde” gaz satmaklyga borçlanýar. Emma, şeýle-de bolsa, Azerbaýjandan akdyryljak bu gazyň Ýewropa Bileleşiginiň planlaşdyrýan “Nabukko” proýektini gaz bilen doly üpjün etmäge ýeterlik boljakdygy ýa bolmajakdygy welin anyk bolman galýar.

Mundan daşary, düýnki gol çekilen özara dokument Ýewropa Bileleşigine haçan tebigy gazyň satylyp başlanjakdygy, näçe möhlet bilen we näçe möçberde satyljakdygy baradaky meselä hem aýdyňlyk girizmeýär.

Ýöne, muňa garamazdan, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Bakuda gol çekilen bu ylalaşygy “düýpli öňegidişlik” diýip atlandyrdy: “Biziň özara hyzmatdaşlyklarymyzyň özeni energiýa ugrundaky hyzmatdaşlyklar arkaly örän berkidilen”.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Meniň delegasiýamyň düzüminde Bileleşigiň energiýa komissary Günter Öttinger hem boldy. Biz bu mesele boýunça prezident Aliýew bilen örän möhüm gepleşik geçirdik. Azerbaýjan hakykatdanam biz üçin bu pudakda strategik partnýor we soýuzdaş bolup durýar”.

Bakuda gol çeken özara ylalaşyga görä, Azerbaýjan “Günorta korridor” ugry arkaly Ýewropa Bileleşigini gaz bilen üpjün etmeklige borçlanýar. Emma bu gürrüňi edilýän gazyň haýsy gazgeçiriji arkaly akdyryljakdygy welin henizem anyk bolman galýar.

“Günorta korridor” marşrutlary

“Günorta korridor” ugry arkaly Ýewropa gaz akdyrmak üçin dürli ýollar bar. Şol energiýa ýollaryndan birem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gurmaklyk göz öňünde tutulýan “Nabukko” gazgeçirijisi.

Uzynlygy 3,300 kilometr töweregi boljak bu proýekt Ýewropanyň energiýa meselesinde Orsýete bolan garaşlylygyny azaltmaklygy maksat edinýär. Bu proýekt boýunça ýylda 30 milliard kubmetrden gowrak gaz akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

“Günorta korridor” ugry arkaly çekilmegi göz öňünde tutulýan gazgeçirijilerden ýene biri Türkiýe-Gresiýa-Italiýa proýektidir. Bu proýekt boýunça Ýewropa ýurtlaryna ýylda 8 milliard kubmetr gaz akdyrmaklyk taslanylýar.

“Günorta korridor” ugry Trans-Adriatik gaz proýektini hem öz içine alýar. Bu göz öňünde tutulýan proýekt Gresiýanyň, Albaniýanyň we Ortaýer deňziniň üsti bilen Italiýa ýylda 10 milliard kubmetr töweregi gaz akdyrmaklygy maksat edinýär.

Mundan daşary, günorta ugur boýunça Gara deňziniň üsti bilen Rumyniýa, şeýle hem Ukraina we ondan aňryk Merkezi Ýewropa çenli gaz akdyrylmagyny göz öňünde tutýan “Ak akym” taslamasy hem bar.

Şu gürrüňi edilýän dört proýektiň dördüsem durmuşa geçirilen halatynda, olardan Türkiýäniň üsti bilen gaz akdyrylmaly. Azerbaýjanda-da Türkiýäniň üsti şol planlaşdyrylýan gaz proýektleriniň islendik birine gaz bermek mümkinçilikleri bar.

Orsýetiň bäsleşikli proýektleri

“Günorta korridor” ugry boýunça planlar soňky wagtlar Orsýetiň bäsleşikli proýektleri sebäpli belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýakyn wagtlarda Orsýetiň Germaniýa tarap çekýän “Demirgazyk akym” gazgejirisiniň gurluşygy tamamlanmaly. Germaniýa ýylda 55 milliard kubmetr gaz getirjek bu proýektiň üsti bilen Ýewropanyň beýleki demirgazyk ýurtlary-da gaz alarlar diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, Orsýet “Günorta akym” ady bilenem Merkezi Ýewropa ýurtlaryna gaz akdyrjak proýekti öňe sürüp gelýär. Şu hepde “RIA-Nowosti” habar agentligine beren interwýusynda ýurduň premýer-ministri Wladimir Putin Orsýetiň “Günorta akym” proýekti bilen deňeşdirilende, “Nabukko” proýektiniň amala aşmak mümkinçiliginiň örän ujypsyzjadygyny nygtady.

“Nabukko” proýektiniň öňünde duran esasy kynçylyk bu proýekti gaz bilen üpjün etjek anyk çeşmeleriň tapylmaýandygy bolup geldi. Proýekti gaz bilen üpjün edip biljek esasy ýurtlar diýlip bolsa Azerbaýjan bilen Türkmenistan hasaplanylýar.

Azerbaýjana meňzeşlikde, Türkmenistan hem şu çaka çenli diňe söz üsti bilen bu proýekti goldaýandygyny nygtap geldi. Ýöne bu iki ýurduň ikisem şu çaka çenli Ýewropa Bileleşigi bilen bu ugurda anyk ylalaşyk baglaşman geldiler.

Soňky wagtlar Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň belli bir derejede ýaramazlaşmagy netijesinde, indi Türkmenistan “Nabukko” proýektine has çynlakaý garap başlar diýen umytlar hem peýda boldy.
XS
SM
MD
LG