Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýada güýje giren kanun ÝHHG-de alada döredýär


Wengriýada köpçülikleýin habar serişdeleri barada güýje giren kanunyň habar serişdelerinde dürli pikirlilige howp salmagy mümkin diýip, ÝHHG alada bildirýär.

Kanun, hususan-da, köpçülikleýin habar serişdeleriniň işi boýunça döwlet geňeşini döretmegi, eger habar serişdeleriniň materialyny “obýektiw däl” hasap etse, jerime salmak hukugyny geňeşe bermegi göz öňünde tutýar.

“Dolandyryjy partiýanyň wekilleriniň bu geňeşe baştutanlyk etmegi aýratyn alada döredýär” diýip, ÝHHG-niň metbugat azatlygy meseleleri boýunça wekili Dunýa Miýatowiç aýtdy.

Wenger häkimiýetleri kanunyň metbugat azatlygyny asla çäklendirmeýändigini öňe sürýär.

Emma premýer-ministr Wiktor Orbanyň sözlerine görä, eger ýewropa gurluşlary dokumenti tankytlamasyny dowam etdirse, oňa düzedişler girizilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG