Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda “durmuş gurjaklar SPID barlagyndan geçmeli”


Çeçenistandaky yslam wekilleriniň aýtmagyna görä, ýurtdaky ähli maşgala gurjak bolýanlar özleriniň AIDS-e, ýagny SPID-e duçar bolmandyklaryny tassyklatmaly.

Çeçenistanyň müftüsiniň metbugat gullugynyň ýaýradan beýanatynda “durmuş gurjak bolýan gelin we ýigit degişli güwanamany almaga borçludyr” diýilýär.

Müftiniň berýän görkezmeleriniň kanuny güýji ýok. Emma dini wekillere goýulýan hormat sebäpli ilat olaryň görkezmelerine köplenç gulak asýar.

Geçen ýyl müfti we beýleki ýokary derejeli dini wekiller mukaddes Remezan aýynda ýurtdaky ähli naharhanalary ýapmaga we ýaragly erkeklere hijap geýmeýän gelin-gyzlary yzarlamaga çagyryş edipdiler.
XS
SM
MD
LG