Hytaýyň prezidenti Hu Jintao Birleşen Ştatlara edýän saparynyň çäginde şu gün amerikan Kongressiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirer.
ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Hytaýy öz pul birligi ýuanyň hümmetini emeli ýagdaýda pes saklaýandygy we adam hukuklaryny bozýandygyny üçin berk tankytlap gelýärler.
Çarşenbe güni prezident Hu Jintao we prezident Barak Obama Waşingtonda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ykdysady meseleler, şol sanda ýuanyň emeli ýagdaýda pes derejede saklanmagy barada gürrüň edildi.
Şeýle-de çarşenbe güni giçlik Ak Tamda prezident Hu Jiantao üçin hökümet banketi gurnaldy.