Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gurhan otlajak bolan pastor Britaniýa goýberilmez


Geçen ýyl Gurhan otlajakdygyny aýdyp, haýbat atan amerikan pastoryna Beýik Britaniýa barmak gadagan edildi.

Terry Jones Britaniýada daşary ýurtlulara garşy hereket edýän toparyň öňümizdäki aý geçiriljek maslahatynda çykyş etmegi göz öňünde tutýardy.

Şu gün Britaniýanyň Içeri işler ministrligi “jemgyýetiň bähbidi üçin” Terry Jonesiň bu ýurda girmegine gadaganlyk girizilendigini tassyklady. Şeýle-de Britaniýa “ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşydyr” diýlip nygtaldy.

Terry Jones Florida ştatynyň Geýnswill şäherindäki kiçiräk kelisäniň pastory. Ol 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen hüjümiň 10 ýyllygyna bagyşlap, Gurhan kitabyny otlamakçy bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG