Anna güni Stambulda Eýranyň we dünýäniň uly 6 döwletiniň wekilleri Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly gepleşikleriň täze tapgyryna başladylar.
Eýran delegasiýasyna Eýranyň ýadro edarasynyň baştutany Seýit Jelili baştutanlyk edýär.
Dünýäniň alty döwletiniň - Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsyetiň we ABŞ-nyň delegasiýalaryna ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Katrin Aşton ýolbaşçylyk eder.
Amerikanyň Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Mark Toner Birleşen Ştatlar bu gepleşiklerde “uly bir öňe gidişligiň bolmagyna garaşmaýar” diýdi.
Parahatçylykly maksatlary üçin diýse-de, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmäge çalyşýan bolmagyndan Günbatar alada eldýär. Bu gümany Tähran inkär edýär.