Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek lideri ÝB, NATO resmileri bilen duşuşdy


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow Brýusselde ÝB-niň we NATO-nyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy.

Kerimow Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barrosa we biraz soň NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen duşuşdy.

Barrosanyň edarasy duşuşyk mahalynda energiýa gatnaşyklary barada Düşünişmek memorandumyna gol çekilendigini aýtdy.

Beýanatda Barrosanyň gepleşik mahalynda Ýewropanyň adam hukuklary we esasy azatlyklar baradaky aladasyny hem beýan edendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG