Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, BMG owgan parlamenti boýunça ylalaşygy gowy garşylady


Sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasy we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystanda parlament sessiýasynyň açylmagy barada prezident Hamid Karzaý bilen täze saýlanan deputatlaryň gelen ylalaşyklaryny hoşallyk bilen garşy alandyklaryny mälim etdiler.

Hepdäniň duşenbe güni eden çykyşynda prezident Hamid Karzaý şu hepdäniň çarşenbe güni täze parlamentiň öz sessiýasyna başlajakdygyny aýtdy.

Ýöne, muňa garamazdan, prezident administrasiýasy geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen parlament saýlawlarynda galplyklaryň amala aşyrylandygy barada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleriniň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Geçen hepde prezident Karzaý şu mesele boýunça derňewleriň doly amala aşyrylmagy üçin täze parlamentiň açylyş dabarasyny bir aý yza süýşürmek barada karar çykarypdy.

Parlamentiň deputatlary bolsa muňa protest bildirip, parlamentiň sessiýasyna özbaşdak başlajakdyklary bilen haýbat atypdylar.
XS
SM
MD
LG