Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew “Domodedowo” aeroportunyň ýolbaşçylaryny tankytlady


Sişenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda amala aşyrylan hüjümi gurnaýjylaryň berk jezalandyryljakdygyny aýdyp çykyş etdi.

Flowers Laid For Victims Of Airport Bombing
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:27 0:00
Wideo: Ýolagçylar partlamada heläk bolanlaryň hatyrasyna gül goýýarlar.

“Domodedowo” aeroportunda duşenbe güni giçlik amala aşyrylan bu hüjümiň netijesinde 35 adam, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.

Telewideniýede bu waka bilen baglanyşykly bir minutlyk dymyşlykdan soň eden çykyşynda prezident Medwedew terror hüjümini gurnaýjylaryň anyklanyljakdygyny we ele salynjakdygyny nygtamakdan daşary, “Domodedowo” aeroportunyň ýolbaşçylarynyň adyna-da tankydy bellikleri aýtdy.

Hususan-da, ol aeroportuň howpsuzlyk meselesinde bar bolan kemçilikleriň ýolagçylaryň garşy alynýan zalynda duşenbe güni bomba partlamasynyň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredendigini nygtady.

Medwedew degişli ýolbaşçylaryň bu bolan waka boýunça hasabat bermeli boljakdyklaryny aýtdy: “Bu bolan waka howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde göz-görtele düzgün bozmalaryň bolandygyny görkezýär. Şonça möçberdäki partlaýjy maddany ulagda ýa-da elde alyp geçmek aňsat iş däl”.

Soňra Medwedew bu bolan iş üçin howpsuzlyk meselesi boýunça karar kabul edýän hemme adamlar, kompaniýalar, şol sanda aeroportuň ýolbaşçylaram jogap bermelidirler diýdi.

Medwedew 2004-nji ýylda janyndan geçen hüjümçileriň şu “Domodedowo” aeroportundan gaçakçylyk ýoly bilen partlaýyjy maddalary geçirip, iki sany uçary partlatmaklarynyň yzy bilen, ýurduň aeroportlarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine görkezmeleriň berlendigini ýatlady. Şol gürrüňi edilýän iki sany partlamada 90 adam ölüpdi.

Emma Medwedewiň bu tankytlaryna garamazdan, “Domodedowo” aeroportunyň ýolbaşçylary aeroportuň howpsuzlygynyň talabalaýyk ýola goýlandygyny we bu bolan wakada Orsýetiň pasportlary barlaýjy polisiýasynyň jogapkärdigini aýdyp, bu tankytlary ret etdiler.

Aeroportuň howpsuzlygy

Scenes Of Chaos At Moscow Airport
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00
Wideo: Partlamadan soňky başagaýlyk

Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilermenler Moskwanyň in uly aeroportlaryndan biri bolan “Domodedowo” aeroportunda howpsuzlyk çäreleriniň hakykatdanam pes derejededigini belleýärler.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Nowosibirskdäki ýadro fizikasy bölüminiň ylmy işgäri Semen Baru “Domodedowo” aeroportunyň girelgesindäki metal detektorlarynyň ýöne bir göz üçin goýlan zatlardygyny aýdýar.

“Aeroportda metal detektorly derwezeler mydam ulanylyp hem durulmaýar we olar ulanylaýanda-da, diňe metaly anyklap bilýär. Janyndan geçen hüjümçi bolsa kemerlerinde bir kilo partlaýyjy madda hem ýerleşdirip biler, sebäbi olarda metal ýok” diýip, Baru belleýär.

“Domodedowo” aeroportunda amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini häzirliçe hiç bir topar öz üstüne almady. Ýöne wakanyň yzy bilen bu işde dessine Demirgazyk Kawkazdaky yslamçy söweşijilere güman bildirilip başlandy.

Mundan öň Orsýetde amala aşyrylan ençeme terror hüjümleriniň jogapkärçiligini Demirgazyk Kawkazdaky ýaragly söweşijiler öz üstlerine alypdylar.

Şol hüjümleriň hatarynda 2004-nji ýylda Beslanda mekdepdäki çagalaryň we ene-atalaryň zamun alynmagy hem-de 330 adamyň öldürilmegi bilen baglanyşykly bolan waka hem bar.

Geçen ýylyň mart aýynda dagystanly janyndan geçen hüjümçileriň Moskwanyň metrosynda gurnan partlamalarynda 40 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG