Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň premýer-ministri jenaýatda aýyplanýar


Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy (EGPA) Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň guramaçylykly jenaýat we organ gaçakçylygy bilen ilteşigi baradaky hasabaty tassyklap, çynlakaý derňew geçirilmegini talap etdi.

Bu hasabat Ýewropa Geňeşi üçin şweýsariýaly senator Dik Marti tarapyndan taýýarlandy.

Ol hasabat Taçiniň 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Kosowanyň Serbiýa garşy partizançylyk urşy mahalynda we ondan soňra guramaçylykly jenaýat toparyna ýolbaşçylyk edendigini aýdýar.

Taçiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň garşydaşlaryny öldürendigi, neşe söwdasyny edenligi we öldürilen serbleriň organlaryny, beden agzalaryny satandygy aýdylýar.

Kosowa hökümeti bu hasabaty esassyz diýip ret etdi we onuň töhmetdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG