Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Il saglygy – ýurt baýlygy


Saglyk ätiýaçlyk pasportynyň girizilmeginiň näsaglar üçin uly ýardam bolandygyny näsaglan adamlar öz mysallarynda duýýarlar.
Saglyk ätiýaçlyk pasportynyň girizilmeginiň näsaglar üçin uly ýardam bolandygyny näsaglan adamlar öz mysallarynda duýýarlar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan uly gurluşyklaryň arasyna saglyk merkezleriniň gurluşygy hem girýär. Welaýat merkezleriniň ählisinde keseli anyklaýyş merkezleri, “Ene mähri” hassahanalary gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ugurdan amala aşyrylýan gurluşyklaryň esasy bölegi bolsa paýtagt Aşgabatda alnyp barylýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medisina merkezinde kardiologiýa bölümi, “Ene mähri” hassahanasy, anyklaýyş merkezi, 2 ýyl mundan ozal bolsa onkologiýa ylmy-barlag merkezi ulanylmaga berildi. 2010-njy ýylda ulanylmaga berlen deri keselleri, inçekesel, ýokanç keseller hassahanalary, gan merkezi ilata hyzmat edip başlady.

Täze gurulýan saglyk merkezleri dünýäniň ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologik enjamlar bilen abzallaşdyrylan. Şeýle-de bolsa, ýurduň içinde, has hem oba ýerlerinde ilatyň aglaba böleginiň sosial-ykdysady ýagdaýlarynyň pes bolmagy ýokary derejeli hassahanalaryň hyzmatyndan peýdalanmaga köplere mümkinçilik bermeýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurtda medisina hyzmatlarynyň mugtdugyny kepillendirýän bolsa-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda medisina hyzmatlary doly tölegli hyzmata geçirildi. Saglyk ätiýaçlyk pasportynyň girizilmeginiň näsaglar üçin uly ýardam bolandygyny näsaglan adamlar öz mysallarynda duýýarlar. Emma dermanlaryň bahasyny tölemeli bolanda köplenç saglyk ätiýaçlyk pasportlarynyň haýry degmeýär. Saglyk ätiýaçlyk pasporty bolan nasaglar üçin iň bir amatly zat — maşgala lukmanynyň hyzmatynyň tölegsiz bolmagy.

"Iň bir ýönekeý sowuklama ýa gan basyşy ýokarlanma ýaly ýagdaýlar bilen hassahanalara düşen näsaglara hem 10 günlük bejergi almak 450-500 manada düşýär. Her gün üçin hassahanadaky ýerine 9 manat tölemeli bolýan näsag üçin saglyk ätiýäçlyk pasporty ýöremeýär. Agyr operasiýalar 2 müň manada çenli baryp ýetýär. Diş lukmanynyň, göz keselleri lukmanynyň hyzmatlary hem jübiňe diň salmaga mejbur ediýär" diýip, Mary welaýatyndan Bäşim Durdyýew aýdýar.

Aşgabatly zenan Bägülüň aýtmagyna görä, gyssagly ýagdaýa düşen näsaglar göz öňünde tutulan 3 günlük mugt bejergi almaga garaşyp durmaýarlar. Şeýle bejergileriň hiliniň pesligi zebäpli, soňundan çykgynsyz ýagdaýa getirmeginiň mümkindigine göz ýetirýän näsaglar ýagdaýdan çykalgany haýal etmän gözlemäge girişýärler.

“Öz mümkinçiliklerine göz ýetirýän hassalaryň köpüsi dermanlyk ot-çöpleri ulanyp, halk medisinasyna ýüzlenýärler. Munuň bolsa näsaglaryň ýagdaýlarynyň has beterleşmegine getirýän pursatlary az bolmaýar” diýip, Bägül sözüniň dowamynda aýtdy.

Lukmanlaryň hünär derejesi

Täze medisina merkezlerinde bahalaryň ýokary bolmagyndan başga-da, ol ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejeleriniň pesligi sebäpli köp näsaglar ozaldan bar bolan anyklaýyş merkezlerine ýüz tutýarlar. Aşgabat şäheriniň gündogarynda ýerleşýän diagnostika merkezinde köp ýyllyk tejribeli lukmanlaryň saklanyp galandygyny, bu merkezden göwnejaý kesgitleme alyp bolýandygyny Bägül aýtdy.

Çoganly şäherçesinde ulanylmaga berlen deri keselleri hassahanasynyň hyzmatyndan peýdalanmak islän Nurjemalyň aýtmagyna görä, uzyn stoluň aňyrsynda oturan lukman zenan ýerinden gozganman näsagyň aýagynyň sargysyny açmagyny tabşyrypdyr. Şol aralykdan näsagyň aýagyna göz aýlan lukman olara endokrinolog lukmana ýüz tutmagy maslahat beripdir. Endokrinolog lukman bolsa öz gezeginde ýene-de deri keselleri lukmanyna ýüz tutmaga ugradypdyr. Ol her lukmanyň kabul etmegi üçin 10 manat pul töläp, öýüne gaýdyp gelendigini, soňra halk medisinasyna ýüzlenendigini aýdýar.

Ýokary derejeli hasaplanýan Türk medisina merkezinde 67 ýaşly ejesiniň göbek grižasynyň operasiýasyndan aradan çykandygyny, merhumyň jesedini almazdan ozal 4 müň 400 manat töleg tölemäge mejbur bolandygyny ýerli ýaşaýjy Sakina Guseýnowa aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, saglyk ätiýaçlyk pasporty bilen näsaglara zerur bolan gymmat bahaly dermanlar berilmeýär.

“‘Döwlet adam üçindir!’ diýen şygaryň halka hyzmat etmegi üçin ilata medisina hyzmatlarynyň elýeter bolmagyna, sosial taýdan goragsyz maşgalalara, maýyplara bolsa mugt medisina hyzmatlarynyň berilmegine mumkinçilik döretmeli. Daşyndan buýsanyp geçeniň bilen onuň hözirini görüp bilmeseň, edilýän işleriň halk üçindigine ynam döremeýär” diýip, Sakina aýdýar.

Ozalky 1-nji Maý, häzirki Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy bilen türk firmasy tarapyndan gurulýan trawmotologiýa merkezi hem şu ýylyň sentýabr aýynda näsaglary kabul edip başlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG