Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň parlamenti nikany ýaşaýyş jaýyna baglaýar


Täze kanun düzedişleriniň talaby esasynda indi Täjigistanda öýlenmek isleýän daşary ýurtly erkekler öz gelinliklerini ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmeli bolarlar.

Mundanam başga, täjik parlamenti daşary ýurtly erkekleriň öýlenek hukugyna eýe bolmak üçin Täjigistanda bir ýyl ýaşamak talabyny sese goýdy.

Resmiler bu çäreleriň öz daşary ýurtly ärleri tarapyndan taşlanan aýallaryň we olaryň çagalarynyň goragy üçin görülýändigini aýdýarlar.

Bu ýurtda ýerli aýallara öýlenýän erkekleriň köpüsi goňşy Owganystandan we Eýrandandyr.
XS
SM
MD
LG