Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Polşany serhet dawasynda aýyplaýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko goňşy Polşany iki ýurduň arasyndaky serheti täzeden çekmek üçin özüni häkimiýetden agdarmagy planlaşdyrmakda aýyplady.

Lukaşenko parlamentde çykyş edip, Warşawa serheti belarus paýtagty Minskä tarap 250 km gündogara süýşürmek isleýär diýdi.

Lukaşenko ozal hem Polşa bilen Germaniýany özüni agdarmak planynda aýyplapdy, bu iki ýurt onuň aýdýanlaryny ret edýär.

Biraz öň Lukaşenko Ýewropa Bileleşiginiň syýahat gadaganlygy barada söz açyp, özüniň “10 ýyl wiza çäklendirmesi astynda ýaşandygyny, emma bu gadaganlyklara garmazdan sag-amandygyny” aýtdy.
XS
SM
MD
LG