Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolagçylaryň gözi ýolda


Günorta Koreýadan satyn alnan «Hýundaý» kysymly awtobuslar hem, taksiler hem şu günki gün şäher ilatyny ulag bilen üpjün etmäge ýeterlik ýaly görünýär.
Günorta Koreýadan satyn alnan «Hýundaý» kysymly awtobuslar hem, taksiler hem şu günki gün şäher ilatyny ulag bilen üpjün etmäge ýeterlik ýaly görünýär.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan soňky 3-4 ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri bilen bir hatarda, ýurduň ähli sebitinde hem ilatyň awtobus üpjünçiligine uly üns berlip başlandy, emma bu pudakda heniz hem düýpli ýetmezçilikler ýok däl.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ýolagçylary gatnadýan awtotransport kärhanasy ýurtda iň bir çöken pudak bolupdy. SSSR-iň dargamagy bilen, Wengriýadan, Ukrainadan, Russiýadan getirilýän awtobuslaryň gelmesi kesildi. Ozaldan bar bolan awtobuslara-da ätiýaçlyk şaýlaryny tapmak hyllalla bolupdy.

Welaýatdyr etraplarda bar bolan awtokärhanalarda sanaýmaly awtobuslar galdyrylyp, ulanyş möhleti dolan köne awtobuslaryň aglabasy hasapdan çykaryldy. Kä halatlarda bolsa köne awtobuslaryň hususyýetçilige berlen wagtlary hem bolupdy.

Hökümete degişli awtokärhanalaryň bar bolan awtobuslarynyň ilatyň islegini kanagatlandyryp bilmeýänligi üçin, onlarça ýyl ilat köpçüligi hususy awtobuslaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp geldiler. Şäherara gatnaýan awtobuslaryň ýetmezçiligi ýönekeý ýaşaýjylaryň jübülerine agram salmagyndan başga-da, ýolagçy otlularynyň ýolagçylarynyň sanynyň ep-esli artmagyna getirdi.

Soňky 3-4 ýylyň dowamynda ýurduň ähli künjeklerinde, aýratyn hem paýtagt Aşgabatda we onuň eteklerinde ilata hyzmat edýän awtobuslary göreniňde meseläniň onlarça ýyl çözülmän gelendiginiň sebäpleri oýlanmaga mejbur edýär. "Ilatyň iň bir agyryly meselelerini çözmäge döwlet ýolbaşçylarynda diňe islegiň bolmagy gerek eken" diýeniňi duýman galýarsyň. Köçelerde, magistral ýollarda hereket edýän dürli kysymly ýolagçy awtobuslary göwnüňi göterýär.

Yzygiderli üsti ýetirlip duranlygyna garamazdan, awtobuslaryň heniz hem ilatyň islegini doly kanagatlandyrmaýan ýerleri bar. Munuň-da özüne ýetesi sebäpleri bar. Paýtagt şäherde ähli ugurlar boýunça awtoulag gatnawlary ýerbe-ýer bellenen, hatda Köşi, Gökje, Bekrewe, Şor, Garadamak ýaly paýtagty etekläp oturan obalar hem şäher marşrutlaryna birikdirilen.

Awtobuslar göwnüňi göterýär, ýöne...

Adaty günler şäher ilaty awtobus gatnawlarynyň göwnejaý gurnalandygyna göz ýetirýärler, emma günde-günaşa döwlet baştutanynyň haýsydyr bir açylyş dabaralaryna gatnaşmagy sebäpli awtoulaglaryň öz ýöremeli liniýalaryndan aýrylyp, mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň körpeleriniň dabara bolmaly ýere eltilmegi üçin ugradylýan halatlary, döwlet baştutanynyň işe gelýän we işden gaýdýan wagty, haýsydyr bir ýere sapara ugraýan ýa sapardan gelýän wagty, daşary döwletlerden gelýän haýsydyr bir ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi mynasybetli köçeleriň ýapylmagy bilen, ýollarda döreýän dyknyşyklar wagty şäher ýaşaýjylary düşündirip bolmajak kyn ýagdaýa düşýärler.

Şeýle ýagdaýda ýolagçy awtobuslarynyň birnäçesi awtoduralgalarda nobatçylyk çekmäge goýlup, ýollaryň ýapylmadyk ýerlerinde hem awtobus ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Üsti ýolagçyly awtobuslaryň köpüsi bolsa ýollar ýapyk bolandan soň, çem gelen ýerden sürüp, şäheriň günbataryna barmaly ýolagçylary şäheriň demirgazygyndan çykarýarlar. Has hem ir ertir, giç agşam şäher ilatynyň işe barmaly, işden gaýtmaly wagty şu sebäpler bilen ýolagçy awtobuslarynda uly dyknyşyklar emele gelýär.

Awtokombinat-aeroport aralygyny birikdirýän 1-lik awtobusy iň bir agyryly marşrutdyr. Bu marşrut boýunça gatnaýan awtobusyň ýolagçysy bolmak durşuna güzap. Agşam sagat 18-den sagat 20 aralygy bu marşrut ýöremeli ýolundan bütinleý ýitýär. Duralgada oňa garaşyp, wagtyny ötürýän adamlar köp. Aýratyn-da, çagaly eneler, işe ýa öýüne howlugýan işgärler kösençlik çekýärler.

Günorta Koreýadan satyn alnan «Hýundaý» kysymly awtobuslar hem, taksiler hem şu günki gün şäher ilatyny ulag bilen üpjün etmäge ýeterlik ýaly görünýär. Ýöne nämüçindir transport işi göwnejaý ýola goýlubermeýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG