Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hemmeler bir adam üçinmi ýa tersine?


Köpsanly beýleki meselelerde bolşy ýaly, döwlet lideriniň goragy meselesinde-de Türkmenistanyň öwrenmegi üçin dünýä döwletlerinde ýerlikli tejribeler az däl. (Surata düşüren: Jean-Baptiste Jeangene Vilmer )
Köpsanly beýleki meselelerde bolşy ýaly, döwlet lideriniň goragy meselesinde-de Türkmenistanyň öwrenmegi üçin dünýä döwletlerinde ýerlikli tejribeler az däl. (Surata düşüren: Jean-Baptiste Jeangene Vilmer )

Soňky wagtlar Türkmenistanda prezidentiň edýän saparlary sebäpli pyýada we ulag gatnawlarynda uly bökdençlikleriň döredilmegine nägilelikler artýar.

Eýsem, prezidentiň gatnawlary sebäpli girizilýän bu çäklendirmeler raýatlaryň hereket azatlygyna näderejede laýyk gelýär?

Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda “her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge hukugy bardyr... Adamyň aýry-aýry territoriýalara girmegine, şol territoriýalarda hereket etmegine çäklendirmeler diňe kanun esasynda girizilip bilner” diýilýär.

Ýol gözegçilik gullugy kimden buýruk alýar?
Konstitusiýanyň bu düzgünlerine garamazdan, paýtagt Aşgabadyň köp ýaşaýjylary ýurduň prezidentiniň nirädir bir ýerlere hereket eden halatynda, diňe bir onuň geçýän köçesiniň däl, eýsem birnäçe goňşy koçeleriniň-de bir-iki sagat öňünden baglanyp goýulýandygyny aýdýarlar we munuň adamlaryň hereket etmek hukuklaryny göz-görtele çäklendirýändigini öňe sürýärler.

Käbir diňleýjiler prezidentiň gatnawlary bilen baglanyşykly şeýle çäklendirmeleriň diňe bir Aşgabadyň çäklerinde däl, eýsem, paýtagtdan daşarlarda hatda ýolagçy awtobuslarynydyr, poýezdleri we uçarlary birnäçe sagatlap saklamak ýaly çärelere çenli baryp ýetýändigini tassyklaýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, gatnawlara şeýle çäklendirmeleriň girizilýän wagty hatda tiz kömek ulaglarynyň gatnawy ýaly gaýragoýulmasyz transport gatnawlary-da togtadylýar.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew ýakynda prezident Balkan welaýatyna sapara gidende, özleriniň Aşgabatda münüp barýan ýolagçy mikroawtouslarynyň köp wagtlap saklanandygy sebäpli, ýolagçylaryň uzak ýollary pyýada geçmeli bolandyklaryny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, prezidentiň eýläk-beýläk geçýän halatynda pyýada barýan adamlaryň gatnawlary-da ýolda duran organ işgärleri ýa-da esgerler tarapyndan köp wagtlap bökdelýär.

Türkmenistanda prezidentiň saparlary bilen baglanyşykly raýatlaryň pyýada we ulag hereketlerine girizilýän köp sagatlyk çäklendirmeleri käbir bilermenler raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň gödek bozulmasy diýip hasaplaýarlar.

Zerurlyk barmy?

Prezidentiň kerweninden gizlenmäge zerurlyk barmy?
Hukuga hormat goýulýan döwletlerde döwlet liderleriniň gatnawlary adaty raýatlaryň gatnawlarynda göze ilerlikli bir bökdençlikleri döretmeýär. Emma Türkmenistanda soňky wagtlar bu meseläniň hatda Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllaryndakylar bilen deňeşdireniňde-de has bir kynçylykly meselä öwrülip ýörendigi yzygiderli habar berilýär.

Aşagbatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Sowet häkimiýeti ýyllarynda respublikanyň liderini goramak meselesiniň uly bir mesele bolmandygyny ýatlap, bu meseleden uly bir problema döretmeklik üçin zerurlygyň ýokdugyny aýdýar.

“Sowet döwründe biz görýärdik, Türkmenistan kompartiýasynyň birinji sekretary Gapurow öz öýünden partiýanyň Merkezi Komitetiniň jaýyna çenli 300 metr çemesi ýoly pyýada geçýärdi goragsyz. Onuň öňünden çykýan adamlar onuň bilen salamlaşýardylar, tanaýan adamlary bar bolsa, ol elleşip görüşýärdi we geçip gidýärdi. Häzirki halk hem şol halkdyr-da” diýip, Amanmyrat Bugaýew öz pikirini aýtdy.

Adatça, adam hukuklarynyň gysylýan we ilatyň nägileliginiň artýan režimlerinde diktatorlaryň öz howpsuzlygynyň hem çynlakaý meselä öwrülmegi kanunalaýyklyk ýaly bir ýagdaý bolup durýar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistandaky şertlerde prezidentiň howpsuzlygy barada beýle çakdanaşa alada etmek üçin esas ýok diýip hasaplaýar.

Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, prezidentiň howpsuzlyk meselesiniň ilatyň hereketini çäklendiriji bir problema öwrülmeginiň sebäbi aşakdaky çinownikleriň özboluşly bir ýaranjaňlyk syýasatyndan gelip çykýan zat.

Köpsanly beýleki meselelerde bolşy ýaly, döwlet lideriniň goragy meselesinde-de Türkmenistanyň öwrenmegi üçin dünýä döwletlerinde ýerlikli tejribeler az däl. Her nähili bolanlygynda-da, prezidentiň gatnawy ýaly ýönekeý meseläniň adamlar üçin uly kynçylyklary döredýän meselä öwrülmeli däldigi welin aýdyň zat.
XS
SM
MD
LG