Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň DIM-niň täze ýolbaşçysy tassyklandy


Ýekşenbe güni Eýranyň parlamenti daşary işler ministri wezipesine atom edarasynyň başlygy Aly Akbar Salehini tassyklady. Onuň kandidaturasyny 241 deputatyň 146-sy goldady.

Geçen ýylyň dekabrynda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad öňki daşary işler ministri Manuçer Mottakini wezipeden boşadyp, onuň ýerine Salehini wagtlaýyn belläpdi.

Ahmedinejad şeýle diýdi: “Şu günki gün bize örän açyk, aktiw, güýçli we täsirli daşary syýasat gerek”.
XS
SM
MD
LG