Eýran hem niderland graždanlygy bolan aýalyň Eýranda jezalandyrylyp öldürilmegine protest hökmünde Gollandiýa Tähran bilen ähli gatnaşyklaryny doňdurdy.
Şenbe güni eýran telewideniýesi sud tarapyndan neşe söwdasynda günäli bilnen 45 ýaşly Zohra Bahramynyň asylyp öldürilendigini habar berdi.
Bahramy 2009-njy ýylda Niderlanlardan Eýrana garyndaşlary bilen görme-görşe gelende, Eýran oppozisiýasynyň protest aksiýalaryna gatnaşypdy we tussag edilipdi.
Bahramynyň gyzy ejesine garşy aýyplamanyň galp-toslamadygyny aýdýar.