Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür sapaklary


Prezident Mubaregiň häkimiýet başyndan kowulmagyny talap etmek üçin sişenbe güni 2 milliona çenli adam Kairiň Tahrir meýdançasyna ýygnandy.
Prezident Mubaregiň häkimiýet başyndan kowulmagyny talap etmek üçin sişenbe güni 2 milliona çenli adam Kairiň Tahrir meýdançasyna ýygnandy.

Tunisdäki hökümet agdarylyşygyndan soň, Müsüriň söwda we senagat ministri Reşid Muhammet Reşid çykyş edip, Müsürde şeýle ýagdaýyň bolmajakdygyny, sebäbi Müsürde sosial üpjünçiligiň ýola goýlandygyny, ýurtda ilatyň aglabasyna azyk kartoçkalarynyň berilýändigini aýdypdy. Emma beýle bolmady.

Häzir köp bilermenler hem arap ýurtlaryndaky wakalaryň Merkezi Aziýa regionynda gaýtalanmajakdygyny çaklaýarlar. Eýse, arap ýurtlarynyň ilatynyň sosial-ykdysady ýagdaýy Merkezi Aziýa ýurtlarynyňkydan, şol sanda Türkmenistanyň ilatynyňkydan köp tapawutlanýarmy?

Müsüriň indi öňki söwda hem senagat ministri Reşid Muhammet Reşidiň bu çykyşyna garamazdan, ýurtda ösen korrupsiýadan, işsizlikden nägile halk köçä çykdy. Bilermenler şeýle köpçülikleýin demonstrasiýalaryň geçirilmegine ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýynyň pesliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Meňzeşlik bar

Orsýetiň Ýakyn Gündogar institutynyň işgäri, Ýakyn Gündogar boýunça bilermen Witaliý Bilan Müsürdäki wakalaryň esasy sebäplerini bu ýurduň ilatynyň sanynyň ösüş depgininiň ýokary bolup, ilatyň ýarpysyndan gowragynyň garyplygyň halkara ykrar edilen derjesinden hem pesde ýaşaýanlygynda, işsizligiň derejesiniň ýokarylygynda, ykdysady reformalaryň gaty haýal geçirilmeginde görýär.

Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän ykdysatçy Annadurdy Hajyýew arap ýurtlarynyň ykdysadyýeti hem ilaty bilen bagly ýagadaýyň Merkezi Aziýa regionyna gaty meňzeşdigini aýdýar.

Müsüriň ilatynyň ortaça ýaşy hem, edil Türkmenistanyň ilatynyňky ýaly, ýaş. Bu ýurtlaryň ikisinde-de ilatyň diňe dörtden prosentden gowragy 65 ýaşdan ýokardaky adamlar. Ýylda adam başyna jemi içerki önümiň möçberi Müsürde 2009-njy ýyl boýunça berlen maglumatlarda 6 müň amerikan dollaryna barabar bolan bolsa, Türkmenistanda 2010-njy ýyl boýunça berlen maglumata görä, bu san 7400 amerikan dollaryna deň.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň çaklamagyna görä, häzir doglan çagalaryň ömrüniň ortaça uzaklylygy Müsürde 72 ýaşdan gowrak boljak bolsa, Türkmenistanda 68 ýaşa barabar bolar diýlip çaklanylýar.

Korrupsiýa we işsizlik

Deňeşdirmek üçin korrupsiýa bilen bagly meselä geçsek, “Transparency International” guramasynyň 178 ýurdy öz içine alýan “Korrupsiýanyň indeksi 2010” hasabatynda Türkmenistan 172-nji orunda, Müsür hem 99-njy orunda ýerleşdirilipdir. Bu görkeziji Türkmenistanda korrupsiýanyň Müsürdäkiden hem ösendigini aňladýar.

Işsizlik meselesinde, Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň beren maglumatlaryna görä, Müsüriň 80,5 million ilatynyň 9,6%-niň işsizdigi aýdylýar. Bu çeşmäniň Türkmenistan bilen bagly 2004-nji ýyl boýunça berýän maglumatlarynda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 60%-e barabardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda häkimiýet başyndakylaryň dürli zawoddyr-fabrikleri gurup, bu meseläni çözmäge synanyşýandyklaryna garamazdan, işsizlik meselesiniň Türkmenistanda henize çenli ýiti problemalaryň biridigi aýdylýar.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Müsürde hem Tunisde Türkmenistandaky ýaly höküm sürýan awtoritar režimleriň bolandygyny, korrupsiýanyň derejesiniň ýokarydygyny aýdýar. Bilermen Türkmenistanda ilat arasynda býujet serişdeleriniň ýerliksiz ulanylmagy babatda nägilelikleriň köpdügini nygtaýar.

Nägileligiň sebäbi näme?

Adam hukuklary boýunça “Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin, Müsüriň Türkmenistan bilen deňeşdirilende has açyk hem baý ýurtdugyny aýdyp, protestleriň döremeginiň sebäbini esasan häkimiýet başynda bir adamyň uzak wagtlap oturmagyndan we netijede durgunlygyň emele gelmeginden görýär.

Şeýle hem Tuhbatullin Türkmenistanda-da, Müsür ýaly arap ýurtlaryndaka meňzeş sosial problemalaryň köpdügini aýdyp, hemmetaraplaýyn reformalaryň geçirilmegi çaltlaşdyrylmasa, sosial partlaýyş ýagadaýynyň emele gelmeginiň mümkindigini duýdurýar.

Ýerli ýaşaýjylar Türkmenistanda azyk harytlaryň köpüsiniň bahalaryna hökümet tarapyndan gözegçilik edilse-de, täze ýyldan bäri bahalaryň ösendigini, aýlyklar ortaça 10% ýokarlansa-da, onuň inflýasiýanyň yzyndan ýetip bilmeýändigini aýdýarlar. Mugallymlaryň aýlyklarynyň 30-35% galdyrylmagy ilat arasynda hoşallyk bilen garşy alyndy. Emma Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselesi çözülmän gelýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar hatda ýurduň harby, howpsuzlyk güýçleriniň gullukçylaryny ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmegiň-de ýola goýulmandygyny aýdýarlar.

“Bolup bilmez”

GDA döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy professor Andreý Grozin arap ýurtlarynda ýüze çykan ýagdaýlaryň Merkezi Aziýa regionynda bolup bilmejekdigini öňe sürýär.

Emma Tuhbatullin bu pikir bilen ylalaşmaýar. Ol Tunisdäki hem Müsürdaki protestleriň, ilatyň sabyr käsesi dolan halatynda halkyň başyny çekip biljek hiç bir lider bolmasa-da, ýurtda oppozisiýa hereket etmese-de, halkyň özüniň aýaga galyp, öz hak-hukuklaryny talap edip biljekdigini görkezýändigini nygtaýar.

Ýakynda Mary şäherinde 20-ä golaý zenanyň toguň, suwuň, gazyň kesilýändiginden nägilelik bildirip, piket geçirendigini şol wakanyň gözli şaýady bolan zenan Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewe gürrüň berdi.

19-njy asyrda ýaşan fransiýaly syýasaty öwreniji Aleksis Tokwil “Rewolýusiýalar halkyň ýaramaz ýaşaýan ýerinde däl-de, has gowy ýaşamaga mümkinçilikleriniň bardygyny bilýän ýerlerinde bolýar” diýip ýazypdy.

“Türkmenistanda bolsa, tebigy baýlyklar ýerlikli ulanylan halatynda, şol baýlyklaryň ilaty sosial taýdan doly üpjün etmäge ýetjekdigine düşünmeýän adam az” diýip, ykdysatçy Annadurdy Hajyýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda nygtady.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG