Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Öň azlyk oppozisiýadadym, bu gün men halk bilen”


“Sandmonkey” Müsürdäki ençeme aktiwistleriň we blogçularyň biri. Ol ýurduň içinde bolýan wakalar baradaky habarlary “Twitter” arkaly ýurduň daşyna ýaýradýar. Ol muny Iordaniýadaky dostunyň üsti bilen amala aşyrýar. Azatlyk Radiosy ondan aktiwistlik işi we Müsür tolgunyşyklaryndaky orny barada sorady.

Azatlyk Radiosy: Interneti we jübi telefon aragatnaşygyny hökümetiň islendik wagt kesmegi mümkin bolan ýurdy terk edeniňizde, özüňizi nähili duýduňyz?


Sandmonkeý: Bu, elbetde, gülkünç däl. Onuň ýaramaz täsir etjekdigi düşnükli. Halky 1980-nji ýyla doladylar. Halk tehnologiýanyň ösüşinden binesip bolup, ýene öý telefonyny ulanmaga başlady. Hatda adamlaryň aglabasy dostlaryna jaň etmekçi bolsalar, olaryň öý telefonynyň nomerini hem bilmeýärler.

Internetiň elýeterli bolmazlygy we komendant sagadynyň girizilmegi halkyň “kejebesini daraldýar”. Bu zatlar aktiwistler üçin uly kynçylyklar döredýär. Olar köçelerde bolýan eýmençlikleri surata alyp bilmeýärler ýa-da wideoýazgy edip bilmeýärler. Hiç kim işe gitmeýär. Çünki internet ýok. Banklar işlemeýär. Çünki internet ýok. Umuman, ýurt daşky dünýäden üzňelikde galdy. Hökümetiň islendik wagt interneti ýa-da jübi telefon aragatnaşygyny kesmeginiň mümkindigi bolup biläýjek zat.

Azatlyk Radiosy: Siz näme üçin öz internet bloguňyzda öz hakyky adyňyzy däl-de, lakam ulanýarsyňyz?

Sandmonkeý: Men mydama özümiň kimdigimi gizledim we ony açmak islemeýärin. Çünki meniň maşgalamyň käbir agzalary ýurdy dolandyrýan partiýanyň hatarynda durýar. Men olary töwekgellikde goýmak islemeýärin.

Azatlyk Radiosy: Müsürde aktiwist bolmak ýeňilmi? Size basyş etdilermi ýa-da haýbat atdylarmy?

Sandmonkeý: Häzirki günlerde örän güýçli gorky duýýarsyň. Bir gün barrikadalary böwsüp geçýärsiň, ikinji gün saňa garşy gözden ýaş akdyryjy gaz ulanýarlar we soňra köçelerdäki atyşyklardan gutulmaga synanyşýarsyň. Emma bulardan lezzet alýarsyň. Çünki biz bu wakalarda özümizi görüp bilýäris we halkymyz özüni dogry alyp barýar. Biz halkymyzyň öz ykbalynyň jogapkärçiligini eline alandygyna buýsanýarys we durmuşymyzda ilkinji gezek “ýok” diýmegi başardyk.

Öňler köpler biziň bilen ylalaşmaýardylar. Biziň bütewi halk bolup, hereket edip biljekdigimize ýa-da haýsy-da bir zady edip biljekdigimize hiç kim ynanmaýardy. Bu gün hemmeler biziň bilen. Häzir adamlar bu zatlaryň mümkindigine ynanýarlar. Men bäş ýyl mundan öň azlyk oppozisiýanyň hataryndadym. Bu gün men halk bilen. Bu duýgyny beýan etmek mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Eýse, Müsüriň halkynyň aň-düşünjesini üýtgeden esasy faktorlar barada näme aýdyp bilersiňiz?

Sandmonkeý: Ony özgerden zat – ýaşaýyş şertleri. Hatda Müsüriň baý döwletdigine, ýurda gelýän girdejileriň ösýändigine, nyrhlaryň ösmeginiň saklanýandygyna garamazdan, aýlyklar öran az bolmagynda galýar. Halk ýadady. Adamlar özlerini hiç bir hukuksyz duýýarlar. Adamlary islendik polisiýa ofiseri kemsidip, ýa-da olara hüjüm edip bilýär. Emma halkyň polisiýa garşy edip biljek zady örän az. Umuman, halk Hosni Mubarekden we onuň režiminden 30 ýylda gerk-gäbe doýdy.
XS
SM
MD
LG