Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende müňlerçe protestçiler köçä çykdylar


Penşenbe güni Ýemeniň paýtagty Sanaada müňlerçe protestçiler ýurduň prezidenti Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protest geçirdiler.

Prezident Salehiň tarapdarlary hem köçelere çykydylar.

Çarşenbe güni prezident Saleh indiki prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny goýmajakdygyny aýtdy.

Emma, bu günki protestleri gurnaýjylaryň aýtmagyna görä, eglişikleriň diňe özi ýeterlik däl.

Ýemendäki protestler iki hepde ozal ýüze çykyp başlapdy.
XS
SM
MD
LG