Müsüriň wise prezidenti Omar Süleýmanyň burça gabalan prezident Hosni Mubaregiň ygtyýarlygyny geçiş häkimiýetine geçirmegiň ýollary barada maslahatlaşmak üçin tanymal şahslar bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Iki hepdä golaýlan halk protestleri bilen ýüzbe-ýüz bolan Mubarek prezidentlikden «bizar bolandygyny», ýöne işden çekilse baş-başdaklyk bolmagyndan gorkýandygyny aýtdy.
Anna güni ýüzlerçe protestçi Kaire, Aleksandriýa we beýleki ýerlere ýygnanyp, «Gaýdyş güni» atlandyrylan ýöriş geçirdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama özüniň Mubarek krizisiň soňlanmagy üçin «dogry karar kabul eder» diýip umyt edýändigini aýtdy.