Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turan Nowaýyny ýatlaýar


Alyşir Nowaýynyň eserleri ownuk kytgalardan başlap, uly göwrümli poemalara baryp ýetýär.
Alyşir Nowaýynyň eserleri ownuk kytgalardan başlap, uly göwrümli poemalara baryp ýetýär.
9-njy fewralda türki medeniýetli halklar Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 570 ýyllygyny baýram edýär.

Öz ady Nyzameddin Mir Alyşir bolan bu ynsan 1441-nji ýylyň 9-njy fewralynda Hyrat şäherinde dünýä inýär hem şol şäherde 1501-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda aradan çykýar.

Onuň kakasy Teýmurlar döwletinde gulluk eden, asly uýgur Giýaseddin Kiçginedir. Onuň babasy Abu Seýit şahyr ekeni. Beýleki bir babasy Muhammet Aly belli sazanda hem eli çeper hatdat bolupdyr.

Alyşir Nowaýyda şahyrlyk ukyby gaty ir peýda bolup ugrapdyr. 15 ýaşynda onuň şahyrlygyny ykrar edýärler. Ol ilkinji goşgularyny Fany lakamy bilen pars dilinde ýazypdyr. Soňra türki dile aýratyn üns berip, Nowaýy lakamy bilen türki dilde, başgaça aýdylanda şol wagtyň edebi dili saýylan çagataýça döredip başlapdyr.

Ol türki diliň mümkinçiliklerini hem kuwwatyny pars hem arap dilleriniň derejesinde goýupdyr. Ol bu üç dili deňeşdirip, birbada üç dilde goşgy döredipdir.

Alyşir Nowaýydan örän baý edebi miras galýar. Onuň eserleri ownuk kytgalardan başlap, uly göwrümli poemalara baryp ýetýär. Ýedi poemany özünde birleşdirýän Hamsa eseri bolsa dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanýar. Onuň filosofiki traktatlary, ýagny risalalary bar. Ol medeniýetiň dürli ugurlaryna hem döwlet gurluşygyna degişli ýörite eserler döredýär.

Şeýlelikde, Nowaýynyň döredijiligi aşa baý hem köp ugurly bolup, ol türkmen halkynyň arasynda şahyr hem beýik akyldar hökmünde giňden mälimdir. Ol klassyky edebiýatda Alyşir Nowaýy, türkmen aýdym-saz sungatynda Nowaýy, halk döredijiliginde hem Myraly ady bilen tanalýar. Özünden soňky ähli türkmen şahyrlary ony öz halypasy saýyp, onuň eserlerine köp sanly tahmyslar ýazypdyrlar.

Türkmenlerde Nowaýynyň öz adyndan aýdylýan eserlerem az däl. Olardan birnäçesi ganatly sözler hökmünde halk arasynda nakyl hökmünde ýaşap gelse, käbirine aýdym döredilipdir.

Geçen asyrda ýa-da halk arasynda aýdylyşy ýaly, sowetler döwründe Alyşir Nowaýynyň ömrüne hem döredijiligine degişli birnäçe iş edildi. Ony edebiýatçylardan, Seýit Garryýew öwrenip, türkmen edebiýatynyň taryhyna girizdi. Edebiýatçy Rahmanaly Rejep bolsa şahyryň “Şirin-Perhat” poemasyny asyl nusgasyndan türkmen diline terjime etdi.

Belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew Myraly we Soltan Söýün baradaky rowaýatlary jemläp, kitap edip çykardy hem belli özbek ýazyjysy Musa Aýbegiň “Nowaýy” romanyny özbekçeden türkmen dilini terjime etdi.

Nowaýy barada professorlar Mäti Kösäýew, Nazar Gullaýew ýörite makala ýazdylar. Edebiýatçy Käbe Borjakowa halk döredijiliginde Nowaýynyň şöhlelenişi barada alymlyk dissertasiýasyny ýazdy.

Nowaýy hem türkmen halkynyň taryhy bilen bagtlanyşykly soňky iş alyp baranlardan biri edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew bolsa gerek.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG