Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kytgalar


Nowaýynyň döredijiligi aşa baý hem köp ugurly bolup, ol türkmen halkynyň arasynda şahyr hem beýik akyldar hökmünde giňden mälimdir.
Alyşir Nowaýy

Äleme indiňmi – algy etjek bol,
Bergi edip gitmek ynsana geňdir.
Dünýäden işiňi bitirmän gitmek
Hammamdan ýuwunman çykana deňdir.
* * *
Dost-dost diýilýänlerden şeýle jepalar gördüm,
Müň bir bela sataşyp, akdy gözümiň ýaşy.
Şolar ýaly dostlar bilen müň ýyl artyk ýaşandan,
Öz ölmeli pursadyňdan ozal öleniň ýagşy.
* * *
Kalbyňyzda tekepbirlik ýok bolsa –
Ähli baýlyk üstüňize topular.
Tekepbirlik meň kalbymda bar bolsa –
Şol baýlyga nireden jaý tapylar.
* * *
Ýazýan adam oňarmasa kärini
Galamyny alyp döwmek lazymdyr.
Başyn iki bölüp döwedi ýaly,
Ýüzün syýa bilen ýuwmak lazymdyr.

Ýazýan zatlaryndan bir tanap işip,
Elin daňyp, ilden kowmak lazymdyr.
* * *
Ýüz sowalyň, müň sowalyň jogaby
Ahyry ýekeje hakykatdadyr.
Ýüz harpyň emeli bir galamdadyr,
Müň goýnuň emeli bir taýakdadyr.
* * *
Dünýäde kän bolýar adam nejisi,
Şolardan üçüsi meň üçin mälim:
Biri samsyk paşşa, biri husyt baý,
Üçünjisi bolsa – pul söýýän alym.
* * *
Sen asylly adam. Akyldar adam.
Deňsiz-taýsyz adam. Il üçin doglan.
Seret, bary-ýogy iki setirde
Sen hakda sözledim dört sany ýalan.

Terjime eden Kerim Gurbannepesow.
XS
SM
MD
LG