Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eziz han hakynda hakykat


Berdi Kerbabaýew özüniň «Aýgytly ädim» romanynda Eziz hany sowet hökümetiniň garşysyna çykan adam hökmünde suratlandyrdy.
Berdi Kerbabaýew özüniň «Aýgytly ädim» romanynda Eziz hany sowet hökümetiniň garşysyna çykan adam hökmünde suratlandyrdy.

Sowet mekdeplerinde Eziz han sowet hökümetiniň duşmany, galtaman, halka jebir berýän kişi, Watan dönügi hökmünde öwredildi.

Türkmen-sowet edebiýatynyň kerwenbaşysy, aksakaly Berdi Kerbabaýew özüniň «Aýgytly ädim» romanynda Eziz hany sowet hökümetiniň garşysyna çykan adam hökmünde suratlandyrdy. Uly nesliň gürrüň bermegine görä, Eziz hanyň mürzesi bolan Berdi Kerbabaýew özüniň «Aýgytly ädim» romanynda ilkibada Eziz hany halkyň çyn hossary hökmünde suratlandyrypdyr. Ýöne soňra ýazyjylaryň ýiti tankydynyň astynda ol romany täzeden işläp, Eziz hany halkyň hem sowet hökümetiniň duşmany hökmünde görkezipdir.

Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany boýunça iki seriýaly çeper film surata düşürilip, ol dünýäniň örän köp halklarynyň dillerine terjime edilipdi.

Hakykat öz beýanyny tapmalydyr

Hakykaty aýan edýän ýazgylar bolmasa, taryhy şahslar hakda hem myş-myşlar döreýär. Şonuň üçin biziň taryhymyzda görnükli yz goýan şahsyýetler hakyndaky hakykat kitaplarda öz beýanyny tapyp, ýaş nesle ýetirilmelidir. Ine, şonda adamlar her bir taryhy şahsyýete hakykatyň gözi bilen serederler, olary söýmeli bolsa—söýerler, ýigrenmeli bolsa — ýigrenerler.

Belli türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymanlarynyň birine öwrülen Eziz han Çapyk (Gurbanmämmet) serdaryň ogly bolupdyr. Ol 1887-nji ýylda Ahalyň Herrikgala obasynda dogulýar. Çapyk serdar alamançylaryň ýolbaşçysy hökmünde tanalypdyr. Eziz hanyň atasy Nepes Kuwwat hem ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir. Eziz hanyň kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyň goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.

Garyp düşen Çapyk serdar 1917-nji ýylda maşgalasyny hem alyp Ahaldan Tejeniň Agalaň obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgullanýar.

Birinji jahan urşy döwründe patyşa Russiýasynyň hökümetiniň erkek kişileri tyl işlerinde işletmäge ugratmagyna päsgel berip pitne turzanlara Eziz han ýolbaşçylyk edipdir. Hökümetiň jeza beriji otrýadyndan gaçyp, Eziz han öz adamlary bilen Tejeniň aşak akymlarynda gizlenýär, soňra Eýrana, Owganystana gidýär. Fewral rewolýusiýasyndan soň ol Tejene gaýdyp gelýär. Ýurtda iki häkimiýetlilik, garakçylyk, ogrulyk höküm sürýärkä, Eziz han tire aksakallarynyň haýyşy bilen elli sany atly nökere baş bolup, talaňçylygyň soňuna çykýar.

Şundan soň halk Eziz hanyň töweregine jebisleşip başlaýar. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň Eziz han sowetleriň tarapyna geçýär. Onuň nökerleri ýaraglandyrylyp, Türküstan hökümetini goramak üçin ýarysy Daşkente, ýarysy bolsa ak kazaklara garşy söweşmek üçin fronta iberilýär. 1918-nji ýylyň iýulynda Zakaspide es-erleriň we menşewikleriň pitnesi bolup, ol sowet häkimiýetiniň ýykylmagyna we Türkmenistanyň iňlisler tarapyndan eýelenmegine getiripdir. Şol sebäpli komissarlarda ynamsyzlyk we şübhe döräp, Eziz hanyň nökerleri-de ýaragsyzlandyrylýar.

Muňa gahary gelen Eziz han pitneçileriň tarapyna geçýär we milli akgwardiýaçy güýçleriň komanduýuşşisi bolan Oraz serdaryň ýolbaşçylygynda gulluk edýär. Ýöne ol hiç kimiň buýrugyny ýerine ýetirmeýär, hiç kime boýun synmaýar. Oraz serdaryň ilatyň elinden gallasyny hem beýleki azyk önümlerini alýandygyna göz ýetirenden soň, Eziz han onuň bilen tersleşip gidýär. Öz nökerlerini akgwardiýaçylaryň bolýan ýerinden aýyrýar we Agalaňa çekilýär.

Iki serdaryň arasyndaky jetligiň soňunyň duşmançylyga ýazmagynyň düýp sebäbi häkimiýet ugrundaky göreş bolýar. Tejen hem Mary oazisinde öz hanlygyny döretmäge çalyşýan Eziz han türkmen topragyna hökümdar bolmagy arzuw edýän Oraz serdaryň garamagynda gulluk etmek islemeýär.

Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiýetini berkarar edýär. Häkimiýetleriň buýrugyna garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan edýär. Tejenlileriň adamçylyk mertebesini özüçe goramagy başarýar. Ýerli baýlardan bolan duşmanlarynyň köpüsini tussag etdirýär, köpüsini bolsa atdyrýar. Ol gyzyl goşuna-da, aklara hem boýun egmeýär. Onuň üstüne gandöküşikli çozuşlar edilmegi hem ony öz ýolundan dändermeýär.

Iň soňunda türkmen topragynda gan döküşýän gyzyl goşun hem akgwardiýaçylar barka özüniň özbaşdak häkimligini dikeldip bilmejegine Eziz han göz ýetirýär hem-de sowetleriň tarapyna geçmeli diýen karara gelýär. Ýöne ol gijä galýar. Akgwardiýaçylar ony tussag edýärler hem-de ony galtaman hökmünde garalap atýarlar.

1919-njy ýylyň ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniň (häzirki Türkmenbaşy şäheri) gyrak çetine çykarýarlar. «Ýüregimden atyň!» diýip, ol barmagy bilen döşüni görkezýär. «Musulmançylyga laýyk edip hem jaýlaň!» diýip, ol özüni atjak bolup duran adamlardan haýyş edýär.

Hanyň ölüminden soňky öç


Sowet hökümeti bolsa öz häkimligini berkarar edenden soň, Eziz han bilen çala galtaşygy bolan adamlardan rehimsiz öç alýar. Eziz hanyň attutary bolup gulluk eden, Tejeniň Babadaýhan obasynda daýhan maşgalasynda kemala gelen Allanur Ryzaýew tussag edilip, Özbegistanyň «Pahta Aral» lagerinde aradan çykýar.

Eziz hanyň daşyny gurşan adamlaryň — onuň maslahatçylarynyň, nökerleriniň, umuman, oňa ýakyn duran adamlaryň barysynyň kysmaty ýaman bolýar. Olaryň arasynda örän paýhasly, sowatly adamlar hem kän bolupdyr. Olaryň iki-ýeke kazasy dolmadygy daşary ýurda gaçyp gidipdir, galany soragsyz-idegsiz, sudsuz-zatsyz atylyp öldürilipdir.

Eziz han sebäpli jebir çekenleriň arasynda biziň tanymal ýazyjy-şahyrlarymyz, intelligensiýa wekillerimiz-de bardy. Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Akmyrat Orazow, Oraz Arykow we başga-da bize ady belli bolan tanymal adamlaryň örän köpüsi hem şol jebir çekenleriň arasyndady. Hatda türkmen-sowet edebiýatynyň aksakgaly Berdi Myradowiç Kerbabaýew tä «Aýgytly ädim» romany çeper filme öwrülip, dünýä ýaýrap, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýlen at dakylýança, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna eýe bolýança Döwlet Howpsuzlygy Komitetine (KGB) çagyrylyp, mydama sorag edilip gelinýär. Eziz hanyň mürzesi bolan Berdi Kerbabaýew ençeme sapar tussag edilip, urlup-ýenjilmelere-de sezewar edilýär.

1937-nji ýylyň tut-ha-tutlugy Eziz hanyň çagalaryndan, hatda onuň doganlarynyň agtyklaryndan hem sowlup geçmändir. Eziz hanyň ogullarynyň üçüsi-de, ýedi ýaşyndaka gören kakasynyň keşbi çala ýadyna düşýän Hajymuhammet-de, hatda kakasy ýogalandan soň dünýä inen Döwranmuhammetdir Amanmuhammet-de (Hommat) sowet hökümeti tarapyndan türmä basylýarlar. Hajymuhammet bilen Amanmuhammet on ýyl türmede bolup, öýlerine dolanyp gelýärler. Döwranmuhammet bolsa şol ýerde aradan çykýar. Eziz hanyň agasy Salyh Çapyk hem öz gyzy Amangözel (ýazyjy Baba Japarowyň aýaly) bilen birlikde sürgün edilýär we şol ýerde ýogalýar.

Ykbal diňe Eziz hanyň ýaňy-ýaňylara çenli Aşgabat (häzirki Ruhabat) etrabynyň «Akdaşaýak» obasynda ýaşan ýalňyz gyzy Ogulabady tut-ha-tutlukdan aman saklapdyr. Muňa-da onuň durmuşa çykyp, familiýasyny üýtgetmegi sebäp bolupdyr.

Eziz hanyň agtyk-çowluklary häzir dogduk obalary Herrikgala, Ýasmansalyk obalarynda, Aşgabat şäherinde we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşaýarlar. Ogly Amanmuhammediň (Hommadyň) maşgalasy Owadandepe obasynda ýaşaýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG